Owganystanda Said Abad etrabynyň içeri işler müdüri bilen 6 janpenasy ýogaldy

Talibana agza terrorçylar etrap merkezine hüjüm etdi

1063921
Owganystanda Said Abad etrabynyň içeri işler müdüri bilen 6 janpenasy ýogaldy

Owganystanda Taliban tarapyndan Maýdan Wardek welaýatynyň Said Abad etrabynda guralan hüjümde etrabyň içeri işler müdüri bilen 6 janpenasy ýogaldy.

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Abdul Rahman Mengel, Talibana agza terrorçylaryň etrap merkezine hüjüm edendigini nygtady.

Mengel hüjümde etrabyň içeri işler müdüri bilen 6 janpenasynyň ýogalandygyny, 4 polis gullukçysynyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Taliban tarapyndan berlen beýanatda bolsa hüjüm netijesinde etrap merkeziniň gözegçiliginiň ele geçirlendigi öňe sürüldi.

 

 

 



Degişli Habarlar