"Russiýa Orta menzilli atom güýçler şertnamasyna laýyklykda hereket etmeli bolar"

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis Russiýanyň Orta menzilli atom güýçleri şertnamasyny basgylamagynyň kabul edilip bilinmejekdigini we ABŞ-nyň Russiýa degişli jogaby berjekdigini aýtdy

1062923
"Russiýa Orta menzilli atom güýçler şertnamasyna laýyklykda hereket etmeli bolar"

Mettis Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

Mettis “ Russiýa Orta menzilli atom güýçler şertnamasyna laýyklykda hereket etmeli bolar. Beýle bolman haaltynda ABŞ degişli jogaby bermeli bolar. Russiýa şertnama laýyklykda hereket etmeýär emma şertnama laýyklykda hereket etmeginiň wagty geldi” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg hem düýn beren beýanatynda Orta menzilli atom güýçler şertnama laýyklykda  hereket etmegi barada Russiýa çagyryş beripdi.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #NATO , #Mettis

Degişli Habarlar