"Türkiýe bilen arkalaşykly işleşýäris"

Putin Siriýadaky soňky ýagdaý barada durup geçdi

1061996
"Türkiýe bilen arkalaşykly işleşýäris"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Siriýanyn Idlib welaýatynda ýaragsyz zolagyň döredilmegi meselesinde Soçide gazanylan ylalaşygyň çäginde Türkiýe bilen arkalaşykly işleşýändiklerini aýtdy.

Putin San Peterburg şäherinde Awstraliýanyň Premýer ministri Sebastian Kurz bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda Siriýadaky soňky ýagdaý barada durup geçdi.

Siriýada BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 belgili karary we Astana etabynda gazanylan ylalaşygyň çäginde syýasy etabyň dowam etdirilmegine garaşýandyklaryny aýdan Putin, şeýlelikde Siriýadaky adaty durmuşyň üpjün edilmegi üçin amatly şertiň dörejekdigini belledi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Idlib meselesinde gazanylan ylalaşyga laýyklykda görlen çäreleriň netijesinde gündelik durmuşyň kadalaşýandygyny ýatlatdy.

Prezident R. T. Erdogan bilen Idlibde ýaragsyz zolagyň döredilmegi meselesinde 17-nji sentýabrda Soçide gazanylan ylalaşygy ýatladan Putin Türk ýaragly güýçleri bilen rus howpsyzlyk güýçleriniň utgaşykly ýagdaýda Idlibde howpsyzlygy üpjün etmäge dowam etjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar