Rus lider Serbiýanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, ýurdunda saparda bolýan Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen duşuşyk geçirdi

1060967
Rus lider Serbiýanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

Wladimir Putin paýtagt Moskwadaky Kreml köşgünde geçirilen duşuşykdan ozal beren beýanatynda Wuçiç bilen Balkanlardaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny mälim etdi.

Iki ýurdyň arasynda söwda kuuwadynyň we maýa goýumlarynyň artandygyny aýdan Putin: “Sebitdäki ýagdaýy hem maslahatlaşmagymyz gerek” diýip habar berdi.

Wuçiç bolsa Serbiýa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw we açykdygyna ünsleri çekip, iki ýurdyň gatnaşyklarynyň halkara derejede hem gowudygyny mälim etdi.

Halkara hukugyň goralmagy we Serbiýa taýdan möhüm bolan milli we döwlet bähbitleri babatyndaky pozisiýasy sebäpli Putine minnetdarlyk bildiren Wuçiç: “Günbatar Balkanlarda ýagdaý örän dartgynly. Parahatçylygy we asudalygy goldamagymyza, ylalaşyk arzuwymyza garamazdan Serbiýa döwleti hökmünde ençeme öjükdiriji herekete sezewar galýarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar