Pentagon Eýranyň Siriýa guran raketa hüjümlerini “howply” hökmünde häsiýetlendirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Eýranyň Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryna guran raketa hüjümlerini “howply” we “jogapkärçiliksiz” hökmünde häsiýetlendirdi

1060491
Pentagon Eýranyň Siriýa guran raketa hüjümlerini “howply” hökmünde häsiýetlendirdi

Pentagonyň metbugat geňeşçilerinden Robertson Eýranyň öňňin gije ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçlerine habar bermezden Siriýanyň gündogarynda käbir ýerlere raketa hüjümini gurandygyny nygtady.

Robertson “Hyzmatdaş güýçlerine zeper ýetirilmändigine garamazdan raketa hüjümi meselesini seljerýäris we ynjyk howa giňişligi nazarda tutulan halatynda şuňa meňzeş hüjümler Siriýada DAIŞ-e garşy göreşýän güýçlere howp salýar”diýdi.

ABŞ-nyň, Russiýa bilen Siriýada güýçleriň biri-birinden aýrylmagy üçin yzygiderli aragatnaşyk saklaýandygyny emma Eýranyň hiç hili çäre görmändigini ýatladan Robertson “Bihabar howa giňişligine raketa atmak howply” diýip belledi.

 


Etiketkalar: #Pentagon , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar