Tramp: “Kim Çen Yn bilen biri-birimize aşyk boldyk” diýdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp ýene-de üýtgeşik beýanatlar berdi

1059684
Tramp: “Kim Çen Yn bilen biri-birimize aşyk boldyk” diýdi

Ýurdyň Günbatar Wirginiýa ştatyndaky mitingde çykyş eden Tramp, Singapur duşuşygyndan soňky ýazylan hatlardan soň, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen biri-birlerine aşyk bolandyklaryny beýan etdi.

“Rehimsizdim, emma ol hem şolar ýalydy. Aýlanyp-dolanyp ýene-de şol öňki nokada geldik we soň biri-birimize aşyk boldyk. Ol maňa hatlar ýazdy. Örän ajaýypdy. Biz aşyk boldyk” diýip oýuna salan Trampyň bu sözleri, tarapdarlaryny güldürdi we Trampa uzak wagtlap el çarpyldy.  

Demirgazyk Koreýanyň ozalky Prezidenti Barak Obama we beýleki ozalky Prezidentleriň jaňlaryna jogap bermeýändigini aýdan Tramp: “Olar maňa jaň eden mahaly, olar kabul eden kararlarymdan ýüz öwürmäge çagyrýarlar” diýip habar berdi.

ABŞ-niň lideri ozal beren beýanatynda Demirgazyk Koreýaly kärdeşi bilen aralarynda gowy gatnaşyklaryň bardygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar