Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 1 müň 203-e ýetdi

Indoneziýanyň Sulewasi adasynda geçen hepdäniň anna güni bolan 7,4 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide ýogalan adamlaryň sany 1 müň 203-e ýetdi

1059758
Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 1 müň 203-e ýetdi
endonezya deprem1.jpg

Ýerli mediada berilýän habarlarda hökümetiň sebitiň halkynyň dükanlardan azyk önümlerini mugt alyp biljekdigini we çykdajylarynyň döwlet tarapyndan beriljekdigini bellenendigi mälim edildi.  

"The Jakarta Post" tarapyndan berilýän habarlara görä, Indoneziýanyň Milli Apat dolanşygy agentliginiň metbugat sekretary Purwo Nugroho, paýtagt Jakartada metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Orta Sulewasi sebitiniň ýolbaşçylarynyň apatdan soň sebitde 28-nji sentýabrdan 11-nji oktýabra çenli güýjüni gorajak adatdan daşary ýagdaý yglan edendigini habar berdi.

Ýeriň aşagyndaky adamlaryň jesetleriniň ençemesiniň entek tapylmandygyny aýdan Purwo Nugroho, ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini beýan etdi.

Nugroho ýurtdaky sunami irki duýduryş ulgamynyň 2012-nji ýyldan bäri işlemeýändigini habar berdi.

Nugroho: “2012-nji ýyldan bäri sunami duýduryş ulgamy işlemeýär. Bu ulgam sunami howpy abanýan Indoneziýa üçin örän wajyp. Bu ulgam sunami howpuny öňünden habar berip biler we adam ýitgilerini iň az derejä çenli ýetirip bileris” diýdi.

Milli Apat dolanşygy agentligi Paludaky ýer titremede we sunamide ýogalan adamlar üçin azyndan 300 jesediň gömülip bilinjek köpçülikleýin mazaryň gazylandygyny habar berdi.

Köpçüliklýin jaýlanmak işleriniň haçan başlajakdygy entek mälim bolmasada, Milli Apat dolanşygy agentliginiň başlygy Willem Rampangilei, ýogalanlaryň saglyk we dinleri sebäpli iň gysga wagtda jaýlanmalydygyny habar berdi.

Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.



Degişli Habarlar