Eýranda bikanun ýollar bilen öndürlen spirtli içgi sebäpli ýogalanlaryň sany 16 adama ýetdi.

Musulman raýatlar üçin alkogol satuwy gadagan bolan Eýranda alkogolly içgiler ýurda bikanun ýollardan getirilýär

1059156
Eýranda bikanun ýollar bilen öndürlen spirtli içgi sebäpli ýogalanlaryň sany 16 adama ýetdi.

 

Eýranyň Hurmuzgan welaýatynda bikanun ýollar bilen öndürlen spirtli içgi sebäpli ýogalanlaryň sany 16 adama ýetdi.

Hurmuzgan welaýatynyň Lukmançylyk fakultetiniň Ilat bilen gatnaşyklar bölüminiň müdiri Fatma Wewruziýan 168 adamyň alkogol zäherlenmesi sebäpli hassahana getirilendigini aýtdy.

Zäherlenenlerden 16 adamyň ýogalandygy aýdan Newruziýan, käbirleriniň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi.

Musulman raýatlar üçin alkogol satuwy gadagan bolan Eýranda alkogolly içgiler ýurda bikanun ýollardan getirilýär, belli bir bölegi bolsa öýlerde we bikanun ussahanalarda öndürilýär.

Alburz welaýatynyň Kereç şäherinde-de 11-nji sentýabrda 3 adam bikanun alkogolly içgi sebäpli ýogalypdy

Eýranly talýplaryň habarlar gullugy ISNA-nyň berýän habaryna görä, welaýatyň İçeri işler müdüri Azizullah Meleki hem waka hakynda derňew işininiň gozgalandygyny we bikanun ýollardan içgi öndürýän ýerleriň anyklanylandygyny habar berdi.

Meleki derňew işiniň çäginde 3 adamyň saklanandygyny aýtdy.


Etiketkalar: #Eýran , #içgi , #lukmançylyk

Degişli Habarlar