Donald Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Asada tabynlykdaky güýçleriň himiki ýarag ulanan halatynda herekede geçjekdikleri barada duýduryş berdi.

1056866
Donald Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etdi

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde söz sözlän Tramp,  çykyşyny “Iki ýyldan gysga bir möhletde, ýolbaşçylygymdaky hökümet ýurdyň taryhynda ähli hökümetlerden has köp iş etdi” diýip başlady.

Bu sözleri BMG-niň Baş Assambleýasynda ýolbaşçylaryň gülmeklerine sebäp döretdi, Tramp bolsa ýylygyryp: “Bu reaksiýa garaşmaýardym, emma mesele ýok” diýip çykyşyny dowam etdirdi.

ABŞ-niň Demirgazyk Koreýany bilen alyp barýan ýadro gepleşikleriniň üstünde durup geçen Tramp: “Demirgazyk Koreýanyň lideri Kime batyrgaýlygy we eden ädimleri üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin” diýdi.

Tramp, Demirgazyk Koreýa garşy sözüň doly manysynda ýadro ýaraglardan saplanýança çenli sanksiýalaryň dowam etjekdigini mälim etdi.

Siriýadaky tragediýanyň bolsa örän gynandyryjydygyny aýdan Tramp, Başar Asada himiki ýarag bilen bagly duýduryş berdi.

Tramp, Asada tabynlykdaky güýçleriň himiki ýarag ulanan halatynda, ABŞ-niň herekete geçjekdigini habar berdi.

Donald Tramp, Siriýada we Ýemende akýan ganlaryň esasy jogapkäriniň Eýrandygyny belledi.

Eýranyň dünýäde iň howply ýaraglar bilen howp emele getirýändigini aýdan Tramp: “Amerika ölüm” diýen we Ysraýyly ýok etmek bilen hemle atan bir hökümete rugsat bermejekdiklerini habar berdi.

Tramp, ABŞ-niň Tel-Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek baradaky kararynyň hem sebite asudalyk we durnuklylyk getirmek maksatlydygyny beýan etdi.

ABŞ-niň dünýäniň iň uly energetika öndürijisidigini aýdan Ttramp: “Biz ylalaşykly baha bilen nebit, kömür we tebigy gaz eksport etmäge taýýardyrys. OPEC-e agza ýurtlar hemişe bolşy ýaly, başga ýurtlara aldamaga synanyşýar, şol hereketi halamaýaryn” diýdi.
 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #BMG

Degişli Habarlar