Eýranyň Prezidenti Ruhani Halkara pul gaznasynyň başlygy Lagard bilen duşuşdy

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde Halkara pul gaznasynyň başlygy Kristin Lagard bilen duşuşdy

1056400
Eýranyň Prezidenti Ruhani Halkara pul gaznasynyň başlygy Lagard bilen duşuşdy

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka giden Ruhani ýurdunyň Halkara pul gaznasy bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändigini nygtady.

Eýranyň Prezidenti Ruhani ýurdundaky ykdysady meýilnamalaryň durmuşa geçirliş etabynda Halkara pul gaznasynyň berjek maslahatlaryndan peýdalanyp biljekdiklerini belledi.

Halkara pul gaznasynyň başlygy Lagard bolsa esasy wezipesi dünýädäki maliýe durnuklylygynyň goralmagyny we ykdysadyýetiň ösmegini üpjün etmek bolan guramanyň Eýran bilen bu meselede  hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar