Zagrebiň kazyýeti serp paramilitar güýçleriniň 2 esgerini 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi

Horwatiýanyň paýtagty Zagrebiň şäher kazyýeti 1990-njy ýyllarda bolan uruşda horwat ilaty öldürmekde günäkärlenýän serp paramilitar goşunyndan 2 esgeri 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi

1051250
Zagrebiň kazyýeti serp paramilitar güýçleriniň 2 esgerini 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi

Zagrebiň şäher kazyýetindäki kazyýet işinde gaýybana iş gozgalanan serp esegerleri Dusan Zarkowij bilen Bogdan Žednak 1991-nji ýylda Žosewija obasynda 21 horwaty öldürmekde günäli diýlip tapyldy we 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Şäher kazyýetinden berilen ýazmaça beýannamada “Serp esgerleriniň 1991-nji ýylda Žosewija obasyna hüjüm edip, asuda ilaty öldürendikleri anyklandy. Öldürilen 21 adamyň hatarynda 16 ýaşly ýaşlar hem bardy” diýilýär.

Kazyýet işine çekilenlerden Georgi Naşid Kamal, Miroslaw Malobabij we Dežan Sladowiç hakynda ýeterlik delilin bolmandygy barada höküm çykardy.


Etiketkalar: #Horwatiýa , #esger , #kazyýet

Degişli Habarlar