Terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar Yrakda hüjümler guradylar

Hüjümlerde jemi 3 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy

1050347
Terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar Yrakda hüjümler guradylar

Yragyň Kerkük we Diýala welaýatlarynda terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň guran hüjümlerinde 1-i polisiýa işgäri jemi 3 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.

Kerkük welaýatynyň Içeri işler edarasynyň işgäri Hamid El-Abidi, terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň hüjümini Kerkükiň 55 km günorta-günbataryndaky El-Hawija etrabynyň El-Abbasi etapçasynda  gurandygyny we terrorçylaryň howpsyzlyk güýçleriniň hadysanyň bolan ýerine barmadan wakanyň bolan ýerinden gaçandygyny habar berdi.

Diýala welaýatynyň Içeri işler edarasynyň işgäri Habib Eş-Şemri bolsa, terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar tarapyndan, Diýala welaýatynyň demirgazyk-gündogaryndaky Ez-Zur etrapçasynda ýoluň gyrasyna ýerleşdiren bombalaryny partladandyklaryny mälim etdi.  

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda terror guramasy DAIŞ-iň ýurtda 3 ýyl dowam eden barlygyny ýok edendiklerini habar beripdi.

Emma gurama degişli bukydaky terrorçylar Yragyň käbir ýerlerinde wagta-wagtal terrorçylykly aksiýalaryny dowam etdirýärler.


Etiketkalar: #Yrak , #DAIŞ , #hüjüm

Degişli Habarlar