Demirgazyk Koreýa sil sebäpli kömek sorady

Demirgazyk Koreýanyň günortasynda we demirgazygynda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli onlarça adam ýogaldy

1050074
Demirgazyk Koreýa sil sebäpli  kömek sorady

BMG aşa köp ýagan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli uly ýitgi çeken Demirgazyk Koreýanyň “halkara jemgyýetçiliginden kömek sorandygyny” mälim etdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Farhan Hag gündelik metbugat ýygnagynda Demirgazyk Koreýanyň günortasynda we demirgazygynda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli onlarça adamyň ýogalandygyny we siliň 10 müňden gowrak adama ýaramaz täsirini ýetirjekdigini nygtady.

Müňlerçe öýüň we ekin meýdanlarynyň suwyň aşagynda galandygyny aýdan Hag, sil sebäpli ýitgi çekenleriň gyssagly azyk we agyz suwy kömegine garaşýandygyny we Demirgazyk Koreýanyň BMG-dan halkara kömek sorandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar