Lawrow nemes kärdeşi bilen Idlib barada pikir alyşdy

Lawrow terrora garşy tutanýerli göreşiň dowam etjekdigini ýatlatdy

1050066
Lawrow nemes kärdeşi bilen Idlib barada pikir alyşdy

Russiýanyň Daşary işler minisrtri Sergeý Lawrow Siriýanyň Idlib şäherinde başdan geçirilýän wakalary gazanylan ylalaşyklara laýyklykda çözmek üçin Türkiýe bilen işleşýändiklerini aýtdy.

Lawrow Germaniýanyň paýtagty Berlinde nemes kärdeşi Heioko Maas bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Lawrow Idlibdäki asuda ilat üçin ynsanperwer kömek koridorlarynyň döredilmegine goşant goşjakdyklaryny belledi.

Idlib meselesinde käbir çäreleriň görlendigini aýdan Lawrow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdoganyň geljek hepdäniň başynda duşuşyk geçirjekdigini nygtady.

Lawrow terrora garşy tutanýerli göreşiň dowam etjekdigini ýatlatdy.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Maas hem Russiýa Idlibe hüjüm guralmagynyň öňüniň alynmagy barada çagyryş berdi.



Degişli Habarlar