Ýemeniň günbatarynda Husilerden onlarça adam ýogaldy we ýaralandy

Husiler mesele barada hiç hili beýanat bermedi

1046304
Ýemeniň günbatarynda Husilerden onlarça adam ýogaldy we ýaralandy

Ýemeniň günbatarynda ýerleşýän Hudeýde şäherinde Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň howa hüjümleri bilen hökümete tabynlykdaky güýçleriň operasiýalarynda Husilerden onlarça adam ýogaldy we ýaralandy.

Husiler mesele barada hiç hili beýanat bermedi.

Hudeýde şäherinde hökümete tabynlykdaky güýçler bilen Husileriň arasyndaky güýçli çaknyşyklar dowam edýär.

Birnäçe wagtdan bäri syýasy durnuksyzlygyň başdan geçirilýän ýeri bolan Ýemende legal hökümeti agdaran Husiler 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde käbir ýerlere gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar