"Idlibde asuda ilatyň we şäheriň häzirki statusynyň goralmagy diýseň möhüm"

Üç lider maslahatdan soň beýanat berdi

1045448
"Idlibde asuda ilatyň we şäheriň häzirki statusynyň goralmagy diýseň möhüm"

Prezident R. T. Erdogan Siriýanyň Idlib şäherinde asuda ilatyň we şäheriň häzirki statusynyň goralmagynyň diýseň möhümdigini aýtdy.

Prezident Erdoganyň, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirlen üçtaraplaýyn maslahatdan soň üç lider metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan şuňa meňzeş maslahatlaryň Siriýada başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak we geljek taýdan uly mümkinçilik hödürleýändigini nygtap “Başdan geçirilýän adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy meselesini seljermek üçin şu ýere geldik” diýdi.

“Biz başgalary ýaly ýaplanyp oturyp ýangyna syn etmegiň ýerine ony söndürmegiň ýollaryny gözleýäris we munyň üçin elimizden geleni edýäris” diýen Erdogan, “Sebitdäki asuda ilatyň goralmagy, şäheriň terrorçylardan saplanmagy we Idlibiň häzirki statusynyň goralyp saklanmagy diýseň möhüm” diýdi.

Türkiýäniň Idlibde 12 gözegçilik merkeziniň bardygyny aýdan Erdogan, Türkiýäniň asudalyň üpjün edilmegi üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny ýatlatdy.

Uly jebir-jepa çekýän Idlibiň halkynyň täze betbagtçylygy başdan geçirmegine garşydyklaryny aýdan Erdogan “Idlib meselesi täze gam-gussalara, täze ýitgilere we dartgynlykara sebäp bolmazdan Astanada gazanylan ylalaşyga laýyklykda çözülmeli” diýdi.

Türkiýäniň başyndan bäri Siriýada akýan ganyň durmagy üçin göreşýändigini ýatladan Erdogan “Siriýaly doganlarymyza eýe çykýarys” diýdi.

Eýranyň Prezidenti hasan Ruhani hem “Idlibde asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin çäre görmelidiris” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa “Prezident Erdoganyň teklibine laýyklykda ähli taraplara ýaraglaryny taşlamak barada çagyryş berdik” diýdi.



Degişli Habarlar