Eýranda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremesinde ölen ýiteniň bolup bolmandygy barada bolsa heniz hiç hili maglumat berilmedi

1045077
Eýranda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Sistan we Belujistan welaýatynda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Tähran uniwersitetiniň Seýsmalogiýa merkezi ýerli wagt bilen 10.53-de Sistan we Belujistan welaýatynyň Bezman etrabynyň Mesjidi Hezreti Abulfazyl obasynda, ýeriň 10 kilometr aşagynda ýer ýitremesiniň bolandygyny habar berdi.

Ýer titremesinde ölen ýiteniň bolup bolmandygy barada bolsa heniz hiç hili maglumat berilmedi.

 

 



Degişli Habarlar