Rus harby uçarlarynyň Idlibe howa hüjümini guramaga başlandygy öňe sürüldi

Oppozisionerleriň soňky galasy bolan Idlibde we töwereklerinde 3 million adama ýaşaýar

1042869
Rus harby uçarlarynyň  Idlibe howa hüjümini guramaga başlandygy öňe sürüldi

Rus harby uçarlarynyň Siriýanyň Idlib şäherine howa hüjümini guramaga başlandygy öňe sürüldi.

Merkezi Britaniýada ýerleşýän Siriýa Adam hukuklary guramasy rus uçarlarynyň 22 günlük arakesmeden soň şäheri bombalamaga başlandygyny habar berdi.

Russiýa Idlib şäherine operasiýa guramak üçin taýarlyk görýän Siriýanyň hökümetine goldaw berýär.

Oppozisionerleriň soňky galasy bolan Idlibde we töwereklerinde 3 million adama ýaşaýar.

BMG Idlibe operasiýa guralan halatynda 250 müň bilen 700 müň adamyň öýüni terk edip biljekdigi barada duýduryş berýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar