Eýran Yraga ýaňadandan elektrik togyny eksport etmäge başlady

Eýranyň Energetika ministri goňşy ýurtlara elektrik togyny satmaga başlandyklaryny belledi

1037512
Eýran Yraga ýaňadandan elektrik togyny eksport etmäge başlady

Eýranyň Energetika ministri Ryza Erdekaniýan Yraga ýaňadandan elektrik togyny eksport etmäge başlandyklaryny aýtdy.

Erdekaniýan özara kynçylyklaryň çözülmeginden soň goňşy ýurtlardan Yraga, Pakistana we Owganystana elektrik togyny satmaga başlandyklaryny belledi.

Erdekaniýan 6-nji iýulda beren beýanatynda Eýranda energetika pudagynda başdan geçirilýän kynçylyklar sebäpli Pakistan, Owganystan we Yrak ýaly goňşy ýurtlara elektrik eksportyny saklandyklaryny, 18-nji awgustda bolsa berginiň tölenmegi we elektrik togy eksportynyň ýaňadandan başlamagy üçin Yraga çakylyk ugradandyklaryny aýdypdy.

 



Degişli Habarlar