Putin: “NATO harby güýjüni Russiýanyň serhedine tarap golaýlaşdyrýar” diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin NATO-nyň harby güýjüni Russiýanyň serhedine tarap golaýlaşdyrýandygyny nygtady

1036677
Putin: “NATO harby güýjüni Russiýanyň serhedine tarap golaýlaşdyrýar” diýdi

Wladimir Putin finlýandiýaly kärdeşi Sauli Niinisto bilen Soçide geçiren duşuşygyndan soň, metbugat ýygnagyny geçirdi.

Finlýandiýanyň Baltika sebitinde dartgynlygy azaltmak zolagy döretmek baradaky teklibini kabul edýändiklerini aýdan Putin NATO-ny bolsa ýagdaýy dartgynlaşdyrmak bilen aýyplady.

Putin: “NATO harby barlygyny Russiýanyň serhedine tarap golaýlaşdyrýar. NATO-nyň herekedine garşy rus goşuny hem özüniň harby infrastukturasyny güýçlendirer” diýdi.

Rus lider NATO-nyň Russiýa bilen harby uçuşlar üçin düzgün-kadalary ara alyp maslahatlaşmagy ret edendigini habar berdi.

Putin ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçdi.

Rus lider ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren duşuşygynyň položitel ýagdaýda geçendigini mälim etdi.

Putin: “Şoňa garamazdan hiç kim bizden 2 sagatlyk duşuşykda ähli meseleler çözgüt tapmagymyza garaşmasyn” diýdi.



Degişli Habarlar