Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşyp biljekdigini habar berdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen ýaňadandan duşuşyp biljekdigini habar berdi

1035807
Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşyp biljekdigini habar berdi

Habarlar agentlikleriniň birine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat beren Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn barada öwgüli sözler aýtdy we onuň bilen ýaňadandan duşuşyp biljekdigini mälim etdi.

Tramp Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen bolşy ýaly Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen düşünjeleriniň deň gelýändigini we aralarynda aýratyn bir gatnaşygyň bardygyny beýan etdi.

Iýun aýynda Singapurda Kim bilen geçiren duşuşygyndan soň, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragsyzlanma babatynda eden ädimlerine ünsleri çeken Tramp: “Demirgazyk Koreýadan indi ýadro howpy abanmaýar” diýdi.

Beýleki tarapdan Koreýa ýarym adasynda hemişelik parahatçylyk we ýadro ýaraglaryň ýok edilmegi bilen bagly mesele BMG-niň sentýabr aýynda geçiriljek 73-nji sessiýasynda ara alynyp maslahatlaşylar.  

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş mesele bilen baglanşykly gepleşiklere garaşýandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar