Talibanly başbozarlar ýene-de howpsyzlyk güýçlerini nyşana aldy

Owganystanda terror guramasy Talibanyň howpsyzlyk güýçlerini nyşana alyp guraýan hüjümleri barha artýar

1032770
Talibanly başbozarlar ýene-de howpsyzlyk güýçlerini nyşana aldy

Ýurdyň Baglan welaýatynda 38 esgeriň öldürilmegi bilen netijelenen soňky hüjümler bilen soňky 1 hepdede öldürilen esgerleriň sanynyň 200-den hem geçendigi çak edilýär.

Hüjüm şu gün irden ýurdyň demirgazygyndaky Baglan welaýatynyň Alaaddin diýilen ýerinde ýerleşýän baza guraldy.

Resmi çeşmneler 38 esgeriň öldürilendigini eýdýan bolsa, Owganystanyň metbugaty öldürilen esgerleriň sanynyň 45-digini habar berýär.

Talibanyň düýn gije bolsa Zabul welaýatynyň merkezi Kalat şäherindäki harby gözegçilik nokadyna hüjüm gurandygy habar berildi.

Ol hüjümde bolsa 12 esger ýogaldy.

Taliban düýn bolsa Farýab welaýatyna guran hüjüminde 20-den gowrak esgeri öldürdi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #hüjüm , #esger

Degişli Habarlar