BMG Idlibe guraljak harby operasiýanyň azyndan 3 million adama howp saljakdygy barada duýduryş berdi

Moumtzis asuda ilatyň nyşana alynmazlygy barada çagyryş berdi

1032603
BMG Idlibe guraljak harby operasiýanyň azyndan 3 million adama howp saljakdygy barada duýduryş berdi

BMG-nyň Siriýberilýän Insanperwer kömeklerden jogapkär utgaşdyryjy Panos Moumtzis Siriýanyň Idlib welaýatyna guraljak harby operasiýanyň azyndan 3 million adama howp saljakdygy barada duýduryş berdi.

Moumtzis mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda Idlib we Halap welaýatynda hepdäniň ahyrynda asuda ilaty we infstrukturany nyşana alan, çagalar we zenanlar bilen birlikde azyndan 116 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi “elhenç” hökmünde häsiýetlendirdi we ýazgardy.

Panos Moumtzis “Idlibde we golaýynda guraljak harby operasiýa 3 milliondan gowrak adama howp salmalk bilen birlikde halka ynsanperwer kömeginiň berilmegini hem bökdär” diýdi.

Moumtzis asuda ilatyň nyşana alynmazlygy barada çagyryş berdi.

Moumtzis Idlibdäki çaknyşyklar dowam eden halatynda azyndan 2 million adamyň Türkiýe serhedine tarap ýola çykjakdygyny aýdypdy.

 


Etiketkalar: #BMG , #Idlib , #çaknyşyk

Degişli Habarlar