Günorta we Demirgazyk Koreýanyň resmileri ýokary derejeli gepleşikler geçirer

Günorta Koreýanyň we Demirgazyk Koreýanyň resmileri öňümizdäki hepde ýokary derejeli gepleşikler geçirer

1029039
Günorta we Demirgazyk Koreýanyň resmileri ýokary derejeli gepleşikler geçirer

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Günorta Koreýanyň Birleşdirmek ministri Ço Mýoung-gýon iki ýurdyň ýokary derejeli resmileriniň 13-nji awgutsda iki ýurdyň arasyndaky Phanmundžom parahatçylyk obasynda gepleşikler geçirjekdigini habar berdi.

Ço gepleşikleriň barşynda ozal iki ýurdyň lideriniň geçiren duşuşygynda kabul edilen kararlaryň ýola goýulmagynyň gözden geçiriljekdigini we täze bir duşuşygyň geçirilmegi üçin taýýarlyklaryň ele alynjakdygyny mälim etdi.

Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Mun Džein bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasynda 27-nji aprelde iki ýurdyň arasyndaky Phanmundžom parahatçylyk obasynda duşuşyk geçirilipdi.



Degişli Habarlar