Russiýanyň daşary işler ministri Türkiýä sapar gurar

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öňümizdäki hepde Türkiýe sapar gurar

1029214
Russiýanyň daşary işler ministri Türkiýä sapar gurar

Russiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa hepdelik metbugat ýygnagynda ministr Sergeý Lawrowyň 13-14-nji awgust aralygynda Türkiýä sapar gurajakdygyny we paýtagty Ankarada ilçileriň we daşary ýurt wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljek maslahata gatnaşjakdygyny habar berdi.

Mariýa Zaharowa Lawrowyň kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen hem duşuşyk geçirjekdigini beýan etdi.

Zaharowa taraplaryň Siriýada geçiş etaby başda bolmak bilen halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny belledi.

Iki ministriň Türk-rus ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň özgerdilmegi bilen bagly meseleleri ele aljakdygyny aýdan Zaharowa, esasan hem Türk Akymy tebigy gaz geçiriji turba taslamasy we Türkiýäniň ilkinji ýadro desgasy bolan Akkuýunyň gurluşygynyň üstünde durup geçjekdikleri nygtaldy.



Degişli Habarlar