Ysraýylyň Goranmak ministri Siriýa bilen baglanşykly möhüm beýanat berdi

Ysraýylyň Goranmak ministri Awigdor Liberman goşunyň Siriýa bilen baglanşykly dürli-dürli ssenariýlere taýýardygyny habar berdi

1028132
Ysraýylyň Goranmak ministri Siriýa bilen baglanşykly möhüm beýanat berdi

Golan depelerinde ýerleşdirilen harby bölümlere baran Liberman Siriýada başdan geçirilen soňky wakalaryň üstünde durup geçdi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň Siriýada uly bir gury ýer goşunyny döredendigini we bu goşunyň ozalky ýyllara garanyňda has hem güýçli bolup biljekdigini aýdan Liberman: “Şol sebäpli wakalaryň ählisini gözegçilik edýäris we dürli-dürli ssenariýlere taýýardyrys” diýdi.

Libermanyň Golan depelerine guran saparyna ýurdyň Baş ştabynyň başlygy Gadi Eisenkot ýoldaşlyk etdi.

Ysraýyl Siriýa degişli bolan Golan depelerini 1967-nji ýylda basyp aldy we depeleri şol ýyldan bäri Siriýa yzyna bermedi. 



Degişli Habarlar