Wenesuelanyň Prezidentiniň janyna kast edilmäge synanyşyldy

Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Madura garşy ýurdyň paýtagty Karakasdaky dabarada eden çykyşynda partlaýjy ýüklenen dronlar bilen hüjüm guraldy

1025994
Wenesuelanyň Prezidentiniň janyna kast edilmäge synanyşyldy

BBC tarapyndan berilen habarlara görä hüjümde Maduro ýaralanmadan halas boldy.

Wenesuelanyň Aragatnaşyk ministri Jorji Rodrigez hüjümde Maduronyň nyşana alynandygyny we hadysada 7 esgeriň ýaralanandygyny habar berdi.

Maduro hüjümden soň eden çykyşynda: “Meni öldürmäge synanyşdylar. Şu gün meniň janymy kast etmäge synanyşdylar” diýdi.

Häzirki wagta çenli ýygnanan delilleriň hüjümiň aşa sagjylar tarapyndan guralandygyny görkezýändigini aýdan Maduro hüjümçileriň Bogota we Maýami bilen arabaglanşyklydyklaryny mälim etdi.

“Janyma kast eden hüjümçileriň käbirleri tussag edildi” diýen Maduro, hadysa barada ondan köp maglumat bermedi.

Wenesuelanyň Milli mejlisiniň başlygy Diosdado Kabello özüniň Twitter hasabyndan wakany terrorçyklykly hüjüm hökmünde häsýetlendirip: “Saýlawlarda üstünlik gazanyp bilmedik sagjylar, jemgyýetçilik ýerlerinde hüjümlerini dowam etdirýärler” diýip belledi.

Beýleki tarapdan özlerini “Futbolka geýen esgerler” diýip atlandyrýan topar Twitter arkaly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.



Degişli Habarlar