Kerkukda guralan bombaly hüjümde golaýdaky öýlere we iş ýerlerine zeper ýetirildi

Yragyň Kerkuk şäherinde guralan bombaly hüjümde golaýdaky öýlere we iş ýerlerine zeper ýetirildi

1023587
Kerkukda guralan bombaly hüjümde golaýdaky öýlere we iş ýerlerine zeper ýetirildi

Mesele hakynda berlen beýanatda, şäher merkezinde şahsyýeti näbelli adam ýada adamlar tarapyndan ýola goýlan bombanyň uzakdan gönükdirilýän ulgam arkaly partladylandygyny aýtdy.

Beýanatda hüjümde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygy bellenildi.

Partlamada golaýdaky öýleriň, iş ýerleriniň we ulaglaryň hatardan çykandygy nygtaldy.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi 2017-nji ýylyň dekabr aýynda terror guramasy DAIŞ-iň ýeňilişe sezewar edilendigini mälim edipdi,  emma muňa garamazdan terror guramasy Yrakda guraýan hüjümlerini wagtal-wagtal dowam etdirýär.

 

 

 


Etiketkalar: #Yrak , #Kerkük , #beýanat

Degişli Habarlar