Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketa öndürýändigi öňe sürüldi

Demirgazyk Koreýanyň ABŞ-niň hökümeti bilen geçirilýän ýadro ýaragsyzlanma gepleşiklerine garamazdan, täze ballistik raketa öndürýändigi öňe sürüldi

1023002
Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketa öndürýändigi öňe sürüldi

Adlarynyň aýan edilmegini islemeýän amerikaly resmiler, Washington Post gazedine razwedka maksatly ulanylýan emeli hemralaryň ballistik raketa öndürilýän meýdançada raketa öndürmek işleriniň alynyp barylýandygyny ýüze çykarandygyny habar berdiler.

Resmiler Demirgazyk Koreýanyň hökümetiniň ýurdyň paýtagty Phenýanyň golaýyndaky Sanumdong desgasynda suwyk ýangyçly 1 ýa-da 2 materikara ballistik raketa öndürilýändigi görünendigini mälim etdiler.

Şol meýdançada ozal Demirgazyk Koreýanyň ABŞ-niň girmegine gadagan bolan 2 sany Hwasong-15 raketalarynyň öndürilendigi beyan edildi.  



Degişli Habarlar