Kaliforniýadaky ýangynda ýogalan adamlaryň sany artýar

Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda gözegçilik astyna alynyp bilinmeýän ýangynda ýogalan adamlaryň sany 5-e ýetdi

1021728
Kaliforniýadaky ýangynda ýogalan adamlaryň sany artýar

BBC tarapyndan berilen habarda ýangynda 2 çaganyň we eneleriniň ýogalmagy bilen bilelikde ýogalan adamlaryň sanynyň 5-e ýetendigi mälim edildi.

Habarda 6 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi beýan edildi.

Şu hepdäniň duşenbe güni başlan ýangyn takmynan 200 ind kilometrlik ýerde öz täsirini dowam etdirýärkä, ýangynyň diňe 5 göterimi gözegçilik astyna alynyp bilindi.

Ýangyn söndürme işlerine 3400-den gowrak ýangyn söndüriji gatnaşýar.

Ýangyn söndürme işlerine uçarlaryň hem gatnaşýandygy habar berildi.

Resmiler ozal bolsa Şasta sebitinde başlan tokaý ýangynynda 2 adamyň ýogalandygyny, 8 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim edipdi.

Ýangynda häzirki wagta çenli 500-den gowrak bina zeper ýetendigi we 37 müň adamyň howpsyz ýerlere göçürilendigi bellendi.

Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Jerri Brown ştatda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.


Etiketkalar: #BBC , #Kaliforniýa , #ýangyn

Degişli Habarlar