Gazada 30-njy martdan bäri ysraýylly esgerler tarapyndan 152 palestinaly şehit edildi

Protest ýörişlerinde häzire çenli 16 müň 750 palestinaly ýaralandy

1020821
Gazada 30-njy martdan bäri ysraýylly esgerler tarapyndan 152 palestinaly şehit edildi

Gabaw astyndaky Gaza sektorynda 30-njy martdan bäri dowam edýän parahatçylykly maksatly ýörişlerde ysraýylly esgerler tarapyndan 152 palestinaly şehit edildi, 16 müňden gowrak palestinaly ýaralandy.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra mesele barada beren ýazmaça beýanatynda, “Ýörişlerde häzire çenli 18-i çaga, 2-si saglygy goraýyş işgäri, 2-si žurnalist bolmak bilen jemi 152 palestinaly ysraýylly esgerler tarapyndan şehit edildi” diýdi.

Kudra serhetýakasynda geçirlen protest ýörişlerinde häzire çenli 16 müň 750 palestinalynyň ýaralanandygyny ýatlatdy.

Ýaralananlardan 3200-niň çaga, 1385-niň zenandygyny aýdan Kudra, ýaralananlardan 394-niň ýagdaýynyň agyrdygyny belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar