Tramp bilen Putiniň ikinji duşuşygy geljek ýyl geçiriler

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň geçirmegine garaşylýan ikinji duşuşygynyň geljek ýyl boljakdygy habar berildi

1019596
Tramp bilen Putiniň ikinji duşuşygy geljek ýyl geçiriler

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Jon Boltyn Donald Trampyň Putin bilen 2019-njy ýyldan ozal duşuşmajakdygyny beýan etdi.

Bolton mesele barada ýazmaça beýanat berip, liderleriň duşuşygynyň Russiýa garşy alynyp barylýan “awlaýyş işlerinden soň” geçirilmelidigini nygtady.

Beýanatda şeýle diýilýär: “Prezident Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin bilen geçiriljek özara duşuşygyň Russiýa garşy geçirilýäň “awlaýyş işlerinden soň” guralmagyny isleýär. Biz hem duşuşygyň geljek geçirilmegi barada ylalaşdyk.”

Donald Tramp 16-njy iýulda Finlandiýanyň paýtagty Helsinkide Putin geçiren duşuşygyndan soň geňeşçisi Boltona Putini güýzde ABŞ-na çagyrmagy üçin görkezme berendigini beýan edipdi.

Trampyň şol beýanatyna ABŞ-da esasanda Demokratlar we Kongres tarapyndan berk reaksiýa bildirilipdi.

 



Degişli Habarlar