Bolgariýa doňuz epidemiýasyna sim tor bilen çäre görer

Bolgariýanyň Oba hojalyk ministri Rumen Poroýanow Rumyniýada ýüze çykan Afrika doňuz epidemiýasy sebäpli iki ýurduň arasyndaky 133 kilometrlik serhedine sim tor çekiljekdigini aýtdy

1019063
Bolgariýa doňuz epidemiýasyna sim tor bilen çäre görer

Ministr Poroýanow Silistra şäherinde Demirgazyk Bolgariýadaky fermerleriň wekilleri bilen duşuşyp, Rumyniýadaky epidemiýanyň Bolgariýa serhedine 70 kilometre çenli ýakynlaşandygyny beýan etdi.

Poroýanow ýerli fermerler tarapyndan hem goldanýan taslamanyň 10 günüň dowamynda tamamlanmalydygyny, 4 hatar tikekenli simden ybarat boljak toruň, ýabany doňuz sürüleriniň geçýän ugurlarynda hasda berk çekiljekdigini aýtdy.

Oba hojalyk ministri Poroýanow Rumyniýadaky doňuz epidemiýasynyň 300-den gowrak ýerde ýüze çykandygyny öňe sürdi.

Hökümetiň Rumyniýa bilen serhet ýakalarynda köpçülikleýin ýabany doňuz awlaryny gadagan etmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar