Maýk Pompeo Eýranyň liderini mafiýa meňzetdi

Pompeo: “Eýranyň hökümetiniň Eýran halky üçin bir garabasmadygyny her kimiň bir meňzeş pikirdedigini çak edýärin” diýip nygtady

1017458
Maýk Pompeo Eýranyň liderini mafiýa meňzetdi

ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýranyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň eden-etdiliklerini göz öňünde tutup: “Liderleriň arasyndaky galplyk we baýlyk derejesi Eýranyň bir hökümetden köp mafiýa meňzeş bir zat tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezýär” diýdi.

Ministr Pompeo Kaliforniýa ştatyndaky Ronald Reýgan kitaphanasy we halkara gatnaşyklar merkezinde: “Eýranlylaryň sesine goldaw” temaly panelde ABŞ-de ýaşaýan eýranlylara ýüzlendi.

Eýranda hökümete garşy geçirilýän protestleri goldaýandygyny aýdan Pompeo: “ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet Eýranyň halky üçin siz bilen şol bir düýşi görýär. Biziň tagallalarymyzyň saýasynda we Taňrynyň goldawy bilen ol günler gelip ýeter” diýip belledi.

Eýranyň hökümetiniň Eýranyň ynkylabynyň ideallaryny gerek bolsa güýç ulanyp ýaýratmak isleýändigini aýdan Pompeo hökümetiň 40 ýyl bäri Eýranyň syýasy, diplomatik we ykdysady ugurlaryny bir maksada gönükdirýändigini belledi.

Pompeo: “Eýranyň hökümetiniň Eýran halky üçin bir garabasmadygyny her kimiň bir meňzeş pikirdedigini çak edýärin” diýip nygtady.

Eýranyň halkynyň 1/3 böleginiň garyplyk çäginiň aşagynda ýaşaýandygyny aýdan Pompeo: “Ýadro ylalaşygy etabynda Eýranyň nebitden alan girdejileri Eýranyň halkyna berilip bilinerdi. Onuň ýerine terrorçylara, diktatorlara we wekilçilikli güýçlere berildi” diýdi.

Eýranyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmak bilen günäkärlän Pompeo Eýranyň Kazyýet häkimiýetiniň başlygy Sadyk Larijaniniň Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň saýasynda döwlet tenderlerinde galplyk edip, alan pulunyň azyndan 300 million dollara ýetendigini öňe sürdi.

Pompeo: “Aglaba adam bilmez emma, Aýetullah Hamaneýiň Setad adynda özüne degişli 95 milliard dollarlyk maýa goýum gaznasy bar. Bu gazna salgytlandyrylmaýar” diýdi.



Degişli Habarlar