Fransiýanyň Daşary işler ministri Tunisde saparda bolýar

Tunisiň Prezidenti Al Baji Kaid As Sibsi resmi sapar bilen ýurduna gelen Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Driany kabul etdi

1017460
Fransiýanyň Daşary işler ministri Tunisde saparda bolýar

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanata görä, Prezident Sibsi  Fransuz ministr Le Driany Kartaja köşgünde kabul etdi.

Kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde Liwiýadaky soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tunisiň Prezidenti Sibsi duşuşykda Tunis bilen Fransiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini aýtdy.

Fransiýanyň Daşary işler ministri bolsa Fransiýanyň Tunisiň sebitara we halkara derejesinde täsirli bolmagy üçin Tunise goldaw bermäge dowam etjekdiklerini belledi.



Degişli Habarlar