Merkel: "Tramp we Putiniň duşuşmagy ähli tarap üçin gowy" diýdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň özara duşuşmagy ähli tarap üçin gowudygyny belledi

1016337
Merkel: "Tramp we Putiniň duşuşmagy ähli tarap üçin gowy" diýdi

Berlinde ýyllyk tomus metbugat ýygnagynda soraglara jogap beren Merkel, Tramp we Putiniň Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide geçiren duşuşygynyň üstünde durup geçdi. 

"Olaryň her duşuşygyndan hoşaldyryn" diýen Merkel dialogyň möhümdigini belläp: "Bu ähli tarap üçin gowy, esasan hem bu iki ýurt üçin gowy" diýdi. 

Merkel: "2005-nji ýyldan bäri Russiýanyň Döwlet baştutanlarynyň hiç biri ABŞ-e sapar guramazlygy hakykaty, adaty ýagdaý hökmünde kabul edilmeli däl. ABŞ-niň we Russiýanyň Prezidentleriniň duşuşyklary ýaňadandan adaty hasap edilmeli. Şol sebäpli geçirilen her duşuşykdan hoşaldyryn" diýdi. 



Degişli Habarlar