Eýran Ýewropa ýurtlaryna çagyryş berdi

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif Ýewropa ýurtlaryndan terror guramalarynyň agzalaryny ýurtlarynda ýaşatmazlyklaryny isledi

1015235
Eýran Ýewropa ýurtlaryna çagyryş berdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä Zarif Fransiýanyň, Belgiýanyň we Gollandiýanyň Tährandaky ilçileri bilen geçiren duşuşygynda taryhy gatnaşyklara ünsleri çekip, bu ýurtlaryň terror guramalaryny ýerleşdirmekden ýüz öwürmeldigini belledi.

Zarif duşmanlaryň Eýranyň Ýewropa bilen gatnaşyklaryna zarba urmak üçin biri-birinden tapawutly bahanalar öňe sürýändigini habar berdi.

Resmi Tähran terror guramasy hökmünde kabul eden Halkyň Mujahitleri guramasynyň Ýewropadaky aksiýalaryndan biynjalyk bolýandygyny ýygy-ýygydan belläp geçýär. Geçen aý Fransiýanyň paýtagty Parižde Halkyň Mujahitleri guramasyna degişli Eýranyň milli garşylyk görkezme geňeşi Eýrandaky dolanşygyny nyşana alan bir çäre geçiripdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampa ýakynlygy bilen tanalýan Nýu-Ýorkyň ozalky häkimi Rudi Giuliani we Arap ýurtlaryndan käbir resmileriň gatnaşmagynda geçirilen çärä hüjüm guramak üçin taýýarlyk görýändigi öňe sürülip, Germaniýada eýranly 1 diplomat we Belgiýada Eýranyň 2 raýaty tussag edildi.

Diplomatyň Eýranyň Awstriýanyň paýtagty Wenadaky ilçihanasynda işleýän eýranlydygy ýüze çykypdy.

6-njy iýulda bolsa Gollandiýanyň hökümeti Eýranyň ýurdyndaky ilçihanasynda işleýän 2 diplomaty ülkeden çykarypdy.



Degişli Habarlar