Pakistanda bolan partlamalarda ilkinji kesgitlemelere görä 29 adam ýogaldy

Partlamalarda 82 adam ýaralandy

1012111
Pakistanda bolan partlamalarda ilkinji kesgitlemelere görä 29 adam ýogaldy

Pakistanda iki mitingde bolan partlamalarda ilkinji kesgitlemelere görä halk deputatlygyna dalaşgär Nawabzada Siraž Raisani bilen birlikde 29 adam ýogaldy, 82 adam ýaralandy.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda ýurduň günbatarynda ýerleşýän Belujistan welaýatynyň Mastung şäheriniň golaýynda bolan partlamada Belujistan Awami partiýasynyň halk deputatlygyna dalaşgäri Raisaniniň nyşana alynandygy nygtaldy.

Partlamada ýaralananlaryň Kuetta şäherindäki hassahanalarda bejergi astyna alynandygy ýatladyldy.

Belujistan welaýatynyň ozalky Premýer ministri Nawab Aslam Raisaniň dogany Siraž Raisany täze döredilen BAP partiýasy tarapyndan halk deputatlygyna dalaşgärlige hödürlenipdi.

Raisani 2011-nji ýylda guralan terrorçylykly hüjümleriň birinde 14 ýaşyndaky ogluny ýitiripdi.

Ozalky ministr Ekrem Han Durranyň ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Bannu şäherinde geçiren mitinginden soň guralan hüjümde hem 4 adam ýogaldy.

Durraniniň ulag kerwenine guralan hüjümde 32 adam hem ýaralandy.

Durrani hüjümden halas boldy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar