Owganystanyň gündogarynda ýene-de bir hüjüm guraldy

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň merkezi Jelalabad şäherinde guralan kamikaze hüjüminde 10 adam ýogaldy

1009727
Owganystanyň gündogarynda ýene-de bir hüjüm guraldy

Nangarharyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani kamikaze hüjümçisiniň üstündäki bombany Jelalabad şäheriniň 6-njy gözegçilik nokadynda, ulaglary barlaýan Razwedka gullugynyň işgärleriniň arasynda partladandygyny habar berdi. 

Hogýani hüjümde şeýle hem 4 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Ýaralanan adamlaryň 1-iniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy, hüjümde golaýdaky ulaglara zeper ýetendigi beýan edildi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok. 

 



Degişli Habarlar