Pakistanda bombaly hüjüm guraldy

Pakistanda Birleşen hereket geňeşi partiýasynyň deputatlygyna dalaşgär Malik Şirin Hanyň mitinginde bolan partlamada Han bilen birlikde 7 adam ýaralandy

1008035
Pakistanda bombaly hüjüm guraldy

Polisiýa gullugynyň resmisi Hurram Raşid Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Bannu şäherinde deputatlyga dalaşgär Malik Şirin Hanyň mitinginde motosikle ýerleşdirilen bombanyň partlandygyny habar berdi.

Raşid hüjümçiniň maksadynyň Hanyň ulagyny nyşana almakdygyny belläp: “Özi bilen bilelikde ýaralanan 7 adam Bannu hassahanasyna alynyp gidildi. Hanyň saglyk ýagdaýy gowy” diýdi.

Birleşen hereket geňeşi partiýasynyň başlygy Mewlana Fazlurrahman we Yslam jemagaty partiýasynyň başlygy Siražul Hak hüjümi ýazgaryp, çykyş etdiler.  

Fazlurrahman beýanatynda dalaşgärleriň howpsyzlygy üçin saýlawyň düzgün-kadalaryna laýyklykda çäreleriň görülmegi barada çagyryş etdi.



Degişli Habarlar