Russiýa Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Bu barada Mariýa Zaharowa beýan etdi

1007250
Russiýa Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Russiýanyň DIM-niň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Eýran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşyk dowam eden halatynda resmi Moskwanyň şol ylalaşygyň borçlaryny berjaý etjekdigini aýtdy

Bu barada düýn hepdelik metbugat ýygnagynda beýanat beren Zaharowa Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrowyň şu gün Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde ýadro ylalaşygynyň ABŞ-dan daşgary taraplarynyň DIM-leri bilen duşuşjakdygyny nygtap, Russiýanyň ylalaşygyň dowam etmegine goşant goşjakdygyny nygtady.

Zaharowa resmi Moskwanyň Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryny ABŞ-nyň legal bolmadyk sanksiýalaryndan goramaga we ösdürmäge synanşýandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar