Derada Russiýa bilen geçirlen gepleşikler netijesiz

Russiýa bilen harby oppozisionerleriň arasynda geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi

1006048
Derada Russiýa bilen geçirlen gepleşikler netijesiz

Siriýanyň günorta günbatarynda ýerleşýän Dera we Kuneýtra welaýatlarynda hüjümleriň bes edilmegi üçin Russiýa bilen harby oppozisionerleriň arasynda geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

Deradaky harby oppozisionerleriň wekilleri bilen rus wekiliýeti Derada duşuşyp, Derada we Kuneýtrada hüjümleriň bes edilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşik topary Derada Russiýa bilen geçirlen gepleşikleriň netijesizdigini mälim etdi.

Topar, Russiýanyň oppozisionerleriň elindäki agyr ýaraglaryň ählisini birden tabşyrmagyny islemändigini emma öýlerini terk eden asuda ilatyň öýlerine gaýdyp gelmegi we Asada tabynlykdaky güýçler bilen Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň 10-njy iýundan soň Derada ele geçiren ýerlerinden çekilmegi talaplarynyň Russiýa tarapyndan kabul edilmändigi sebäpli ylalaşyk gazanylyp bilinmändigini aýan etdi.

Asuda ilatyň öýlerine gaýdyp gelmegini we tussaglylaryň boşadylmagyny islän oppozisionerler, ylalaşyk gazanylan halatynda ellerindäki agyr ýaraglary tapgyrlaýyn ýagdaýda tabşyrmagy teklip edipdi.

Harby oppozisionerleriň Russiýa bilen 30-nji iýunda geçiren gepleşikleri hem netije bermändi. Emma gepleşikleriň dowam etmegine garaşylýar.

Asada tabynlykdaky güýçler bilen oňa goldaw berýänler ýurduň günorta günbatarynda ýerleşýän Derada 10-njy iýundan bäri käbir ýerleri ele geçirdi.

20-njy iýunda bolsa Derada harby oppozisionerleriň gözegçiligindäki ýerleri ele geçirmek üçin Russiýanyň goldaw bermeginde harby operasiýa başladypdy.

Dera bilen Kuneýtra Astana etabynyň hemaýatkärleri Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň 2017-nji ýylyň maý aýynda gazanan ylalaşygyna laýyklykda yglan eden 4 çaknyksyz zolakdan birini emele getirýärdi.

Russiýa, ABŞ we İordaniýa 2 aý soň Dera bilen Kuneýtrany ýörite ylalaşygyň çägine alypdy. ABŞ hem sebitde oppozisionerlere berýän ýardamlaryny kesipdi.

BMG hem Derada 750 müň adamyň ýagdaýyna alada bildirýändigini ýygy-ýygyndan beýan edýär.



Degişli Habarlar