"ÝB Komissiýasy bosgunlar meselesinde Türkiýe bilen edilýän hyzmatdaşlyga ähmiýet berýär"

Şinas “Şol pul Türkiýe üçin dal eýsem Türkiýede bolýan 3 million bosgun üçin berildi” diýdi

1004704
"ÝB Komissiýasy bosgunlar meselesinde Türkiýe bilen edilýän hyzmatdaşlyga ähmiýet berýär"

ÝB Komissiýasynyň metbugat geňeşçisi Margaritis Şinas bikanun göç we bosgun meselesinde Türkiýe bilen edilýän hyzmatdaşlygyň möhümdigini we bu meselede Türkiýeli ýolbaşçylar bilen işleşmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Şinas bosgun krizisiniň çözülmegi üçin ÝB bilen Türkiýäniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäginde 3 milliard ýewronyň türk hökümetine däl, eýsem bosgunlar üçin berlendigini ýatlatdy.

Şinas “Şol pul Türkiýe üçin dal eýsem Türkiýede bolýan 3 million bosgun üçin berildi” diýdi.

2016-njy ýylda baglaşylan şertnamanyň çäginde bosgun akymyna gözegçilik etmek üçin Türkiýe bilen edilýän hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini ýatladan Şinas “Ady agzalýan etapda Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam edýäris” diýdi.

 


Etiketkalar: #ÝB Komissiýasy , #bosgun , #pul

Degişli Habarlar