Tramp Meksikanyň täze Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Tramp bilen Obradoryň arasyndaky telefon söhbetdeşligi ýarym sagat dowam etdi

1004801
Tramp Meksikanyň täze Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Meksikada hepdäniň ahyrynda geçirlen prezdent saýlawynda üstünlik gazanan Andres Manuel Lopez Obrador bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Tramp bilen Obradoryň arasyndaky telefon söhbetdeşligi ýarym sagat dowam etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda Obrador bilen serhetleriň howpsyzlygy, söwda we Demirgazyk Amerika erkin söwda şertnamasy barada pikir alyşandygyny nygtady.

Tramp Obrador bilen ýakyndan gatnaşyk edip biljekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

Meksikanyň täze Prezidenti Obrador hem “3 müň kilometrden gowrak serhedimiz, ABŞ-da ýaşaýan 12 milliondan gowrak meksikaly bar. ABŞ ykdysady we söwda taýdan gatnaşyk edýän esasy ýurtlarymyzdan biri. Gowga etmeris ylalaşykly hereket etmek üçin tagalla ederis” diýdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Donald Trump , #Meksika

Degişli Habarlar