Şwesiýa BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň döwürleýin başlyklygyny kabul etdi

Şwesiýanyň hökümeti BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň 1 aýlyk döwürleýin başlyklygyny kabul edip aldy

1003677
Şwesiýa BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň döwürleýin başlyklygyny kabul etdi

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Margot Wallström hökümetiň resmi internet saýtyndan beren beýanatynda BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzasy bolan ýurdunyň 1-nji iýul-1-nji awgust aralygynda geňeşiň döwürleýin başlyklyk wezipesine öz üstüne aljakdygyny habar berdi.

Wallström kyn bir döwürde dünýäniň meseleleri bilen ýüz-ýüzediklerini belläp: “Köp sanda adamyň kynçylyk çekýän, bosgun ýagdaýyna düşen bir dünýäde ýaşaýarys. Döwürleýin başlyklygymyz döwründe zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny öň hatara çykararys. Ýemendäki, Siriýadaky we Mýanmadaky meseleler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolar. Işjeň bir diplomatiýa bilen meseleleri çözeris” diýip belledi.



Degişli Habarlar