Putin bilen Trampyň nirede duşuşjakdygy aýan boldy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp 16-njy iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde duşuşar

1001913
Putin bilen Trampyň nirede duşuşjakdygy aýan boldy

Kreml tarapyndan berilen beýanatda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp 16-njy iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde duşuşjakdygy mälim edildi. 

Beýanata görä taraplaryň duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi bilen halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. 

Duşuşyk geçen halatynda bu duşuşyk iki lideriň maslahatlardan garaşsyz ýagdaýda geçirjek ilkinji doly formatdaky duşuşyklary bolar. 

Putin we Tramp 1 ýyl ozal Gamburgda G20-niň çäginde duşuşypdylar. 

2017-nji ýylyň noýabr aýynda hem liderler gysga wagtlyk bir duşuşyk geçiripdiler. 

 



Degişli Habarlar