Germaniýanyň Bremen şäherinde partlama boldy

Hadysada 3 adam ýogaldy

1001751
Germaniýanyň Bremen şäherinde partlama boldy

Germaniýanyň Bremen şäherinde öýleriň birinde bolan partlamada 3 adam ýogaldy.

Bremen şäheriniň Polisiýa edarasy tarapyndan berilen maglumata görä partlama Bremen şäheriniň Huçting etrabynda şu gün irden boldy.

Partlama sebäpli öýde ýaşaýan 41 ýaşyndaky zenan bilen 7 ýaşyndaky kiçi bir çaga ýogaldy.

Partlama bolan öýüň gapdalyndaky öýde ýaşaýan 70 ýaşly bir zenan hem hadysada ýogaldy.

Partlamanyň öýüň üçeginde bolandygy we näme sebäpli bolandygy entek anyklanmandygy habar berildi.


Etiketkalar: #Germaniýa , #partlama , #öý , #üçek

Degişli Habarlar