Italiýada wise-premýeriň öýüne ogrylar girdi

Italiýanyň wise-premýeri we Transport-infrastruktura ministri, aşa sagjy Lig partiýasynyň lideri Matteo Salwininiň ýurduň paýtagty Rim şäherindäki öýüne ogrylar girdi

2142043
Italiýada wise-premýeriň öýüne ogrylar girdi

Italiýanyň metbugatynda berilen habarda, Matteo Salwininiň ýurduň paýtagty Rim şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän öýüne birnäçe adamdan ybarat bolan ogrylar girdi.

Ogrylaryň Matteo Salwininiň öýünde bolmazlygyndan peýdalanyp, binanyň bakjasyndan öýe girendikleri bellenen habarda, goňşylar tarapyndan berilen maglumatyň esasynda öýe howpsuzluk güýçleriniň gönükdirilendigi mälim edildi.

Habarda ogrylaryň ýanlary bilen kebşirleýji abzal getirendikleri we ony öýdäki kassany açmak üçin ulanandyklary öňe sürüldi.

Ogrylaryň Matteo Salwininiň öýünden gymmat bahaly zatlary alyp-almandygy entek belli bolmandygy bellenen habarda, polisiýa gullugynyň waka bilen bagly derňew işini başladandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #ogry , #wise-premýer , #Italiýa

Degişli Habarlar