“Ruhani ministrler kabinetindäki ykdysady topary çalyşmaly”

Ryza Pur İbrahimi Ruhani kabinetdäki ykdysady topary çalyşmalydygyny aýtdy

1000956
“Ruhani ministrler kabinetindäki ykdysady topary çalyşmaly”

Eýranyň Mejlisiniň Ykdysady komissiýasynyň başlygy Muhammed Ryza Pur İbrahimi Prezident Hasan Ruhaniniň ministrler kabinetidäki ykdysady topary çalyşmalydygyny beýan etdi.

Mejlisde metbugata beýanat beren Pur İbrahimi; “Döwleti dolandyrýanlaryň bu ykdysady topar bilen meseläni çözüp bilmejekdigini pikir edýäris. Eger Ruhani ykdysady toparyny çalyşmak üçin jogapkärçiligini berjaý etmese, mejlis kanunlara laýyklykda degişli başlangyçlary eder” diýdi.

Ýurtdaky ykdysady meseleleriň biynjalyk ediji derejä ýetendigini beýan eden Pur İbrahimi; “Ykdysadyýetiň dolanşyk meselesi ýurduň esasy meselelerinden biri. Dolandyryş organy degişli kararlary kabul eder. Hökümet hem degişli başlangyçlary etmeli” diýdi.

Erýranyň Mejlisiniň Ykdysady komissiýasynyň başlygy Muhammed Ryza Pur İbrahimi ykdysadyýetdäki dartgynlyk barada Býujet komissiýasy bilen birlikde Ruhana ýüzlenip hat ýazandyklaryny beýan edipdi.



Degişli Habarlar