Russiýadan Antalýa uçan ýolagçy uçary gyssagly Gazagystana gondy

190 ýolagçy we 6 ekipažy bolan uçar Atyraw howa menziline gondy

998338
Russiýadan Antalýa uçan ýolagçy uçary gyssagly Gazagystana gondy

Russiýanyň Nowosibirsk şäherinden Antalýa uçan ýolagçy uçary dwigatelindäki näsazlyk sebäpli  gyssagly Gazagystanyň Atyraw şäherine gondy.

Gazagystanyň Maýa goýum we galkynyş ministrliginden berlen beýanatda şu gün ir ertir Nowosibirsk-Antalýa çarter uçar saparyny amala aşyrýan Pegasus Howa ýollaryna degişli Boeing 737 kysymly ýolagçy uçarynyň dwigatelinde tehniki näsazlygyň bardygy habarynyň gelip gowşandygy nygtaldy.

Beýanatda “Uçaryň ekipažy  gyssagly Atyraw howa menziline gonmak barada karar aldy” diýildi.

190 ýolagçy we 6 ekipažy bolan uçaryň Atyraw howa menziline gonandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar